25.09
2019
Biz şu gün ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň ikinji mejlisini geçirýäris. Mejlisde Garaşsyz döwletimizi ykdysady we durmuş taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler bar.
25.09
2019
Biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny guwandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Özbaşdak ösüş ýyllarynda asyrlara barabar beýik işleri bitiren Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary netijeler gazanýan, zähmetsöýer halky abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşaýan öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy.
25.09
2019
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsançly netijeleri gazanýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan giň gerimli bu işlere zenanlar hem işjeň gatnaşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyny üstünlikler bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.
25.09
2019
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar.
25.09
2019
Ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşleriň ak ýoly bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alnyp, mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
25.09
2019
Türkmen halkynyň milli demokratik ýörelgelerine eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet ähmiýetli, giň gerimli işleri halkymyzyň wekilleri bilen giňden ara alyp maslahatlaşmak, döwletimizi we jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi dowam etdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:
25.09
2019
Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygyny we gazanan üstünliklerini, döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
25.09
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.T.Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
25.09
2019
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda
24.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykowyň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.