Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda
Çap edildi 07.02.2020
2336

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň işini bes edip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmeli. 2. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň we onuň «Türkmensenagat» agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Işini bes eden Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligini, «Türkmenaragatnaşyk» agentligini, «Türkmenawtoulaglary» agentligini, «Türkmenhowaýollary» agentligini hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabynlygyna bermeli. 4. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde degişlilikde: 1) Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny hem-de işgär sanyny; 2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 7-nji fewraly.

Soňky habarlar
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa
10.11
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
09.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
09.11
Belent maksatlara ýetmek ugrunda
09.11
Milli sungatyň öwüşginleri
top-arrow