18.07
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
17.07
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:
16.07
2020
16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ministrler derejesindäki birinji duşuşyga sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.
14.07
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň birnäçe welaýatlarynda bolup geçen giň gerimli suw joşgunlary netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
13.07
2020
13-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Elmar Mamedýarowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammed Hanif Atmaryň arasynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi.
10.07
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
10.07
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
10.07
2020
2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.
09.07
2020
Şu gün Bilim ministrliginiň Innowasion maglumatlar merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň bilimde maglumatlar tehnologiýalary boýunça institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu çäre Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.
09.07
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag we aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatda öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.