Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
11.05 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

11.05 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarynydyr iň gowy arzuwlaryny iberdi.

10.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

10.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi.

10.05 2022

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

10.05 2022

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

10.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

10.05 2022

12-13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlar dialogy geçiriler.

09.05 2022

Şu gün Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

08.05 2022

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir.

829 sahypa
Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
08.09
2026-njy ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
07.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy