Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 10.05.2022
1380

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ösüş suwuny tutmak, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, hatarara bejerginiň geçirilişi barada hasabat berdi.

Sebitde ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn işler talabalaýyk alnyp barylýar. Ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda-da zerur tagallalar edilýär.

Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekdi. Şunda ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk gelmelidir. Bugdaýlara tümmül suwunyň tutulyşy talabalaýyk guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna hemmetaraplaýyn guramaçylykly taýýarlyk görmek, orakda işlediljek kombaýnlaryň, awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ähli ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň daýhanlarynyň ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin zerur tagallalaryň görülmelidigini, ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. Şunuň bilen birlikde welaýatda pile taýýarlamak işleri talabalaýyk guralmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyna ünsi çekip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ak ekin meýdanlarynda ideg etmek, bugdaýa ösüş suwuny tutmak hem-de zyýankeşleriň öňüni almak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilýändigi, galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri batly depginlerde dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek üçin giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy. Welaýatyň çäklerinde pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Häkim hasabatyň dowamynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde inženerçilik desgalaryny gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýokary hilli ideg işleri bilen bir hatarda galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň degişli derejede ýola goýulmagynyň möhüm talaplaryň hataryndadygyna ünsi çekdi. Şunda orak möwsüminde işlediljek ähli oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Bu işleriň degişli derejede ýola goýulmagy ýurdumyzyň bazarlarynda azyk önümleriniň üpjünçiliginiň kepili bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaba laýyk gelmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipesidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini, şunda welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmeginiň, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, şol sanda bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň derejesi we galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şol bir wagtyň özünde welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işler, gögeriş gazanylan ýerlerde hatarara bejerginiň, beýleki ideg işleriniň geçirilişi, ideg işlerinde ulanylýan tehnikalaryňdyr gurallaryň öndürijilikli işledilmegi üçin ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler, ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg etmek, pile öndürmek işleriniň guralyşy barada habar berildi.

Häkim kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň hem-de suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy, olarda ýerine ýetirilýän işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, olaryň agrotehniki kadalara laýyk gelmegi bilen bir hatarda galla oragyna görülýän taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda orakda işlediljek kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri möwsüme doly taýýar edilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda işledilýän tehnikalaryň, beýleki gurallaryň doly güýjünde ulanylmagynyň, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işleriň, şol sanda ýeralma, gök we bakja önümlerini öndürmek ugrunda edilýän tagallalaryň derejesiniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylmalydyr diýip, hormaty Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg etmek we pile öndürmek işleriniň guralyşyna üns bermegiň zerurdygyny belläp, welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy berk talap etdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, galla oragyna taýýarlyk görmek we gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede guramak boýunça edilýän işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň etraplarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygyny üpjün etmek işlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň we beýleki binalaryň, ugurdaş düzümleriň gurluşyklary, olarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan häzirki işleriň geljekki bol hasylyň kepilidigine ünsi çekip, bugdaýlara tümmül suwunyň öz wagtynda berilmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde welaýatda galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň, hatarara bejerginiň agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Gowaça ideg etmekde tehnikalar we beýleki oba hojalyk gurallary doly güýjünde işledilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň azyk we gök önümler bilen doly üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň dürli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalarda, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri we galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şol bir wagtyň özünde sebitiň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, hatarara bejerginiň geçirilişi, şeýle hem ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň öndürijilikli işi barada maglumatlar berildi.

Häkim hasabatyň dowamynda welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, şeýlelikde, içerki bazarlary bu önümler bilen doly üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berdi.

Şu günler welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Oba milli maksatnamasyndan, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak üçin zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini, şunda galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin taýýarlyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda ýola goýulmalydygyny belledi. Şunda kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we galla kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň we hatarara bejergileriň ýokary agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini, ideg işlerinde tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmegiň hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmegiň möhüm talapdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda pile taýýarlamak baradaky meýilnamanyň doly ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek, şunda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň möhüm talapdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri, şeýle hem ýurdumyzda galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň batly depginlerde dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda döwlet tarapyndan döredilýän oňyn mümkinçilikleriň netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişini gysga möhletlerde tamamlamak, gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmek we şunda oba hojalyk tehnikalaryny bökdençsiz işletmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak maksady bilen welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma, gök we bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyl bilen bazarlarymyzy doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bu sebitleriniň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, ösüş suwunyň tutulyşy we şol bir wagtyň özünde galla oragyna taýýarlyk talabalaýyk derejede guralypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň welaýatlara guran saparlarynyň netijelerine ünsi çekip, Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini talap etdi. Munuň özi welaýatyň oba hojalygynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň we bol hasyl alynmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, wise-premýeriň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem iş saparlarynda bolup, bar bolan meseleleri ýerinde öwrenmegi tabşyrdy. Bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli ýerine ýetirilmelidir. Gowaçalara edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýän ýylda meýilleşdirilen ähli işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belledi we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňa häzirki zamanyň ösen tejribesi we ylmyň gazananlary işjeň ornaşdyrylmalydyr diýdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
top-arrow