Şu gün Dohada Katara döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler başlandy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.
Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynda guralýan bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde görkezilýän önümler häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.
Şu gün sanly ulgam arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we kabul edildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.
Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.