Sport
06.11 2018
Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. B toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi.
05.11 2018
Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.
04.11 2018
Türkmen paýtagtynda geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda üç agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi.
04.11 2018
Wengriýanyň Giýor şäherinde 2-4-nji noýabr aralygynda geçen aşihara – karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň dördüsine mynasyp boldular. Ýaryşlara 14 ýurtdan 200 türgen gatnaşdy we bäsleşikler çekeleşikli hem-de dostlukly ýagdaýda geçdi.
02.11 2018
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.
01.11 2018
Türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy.
01.11 2018
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir.
31.10 2018
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi.
28.10 2018
Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.
28.10 2018
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi.
45 sahypa
Soňky habarlar
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy