Baş sahypa
\
Sport
\
Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
Sport
Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi
Çap edildi 06.11.2018
2860

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. B toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi. A toparda gatnaşýan zenanlaryň arasynda medallar ugrunda bäsleşildi. Hytaýly türgenler häzir hem öňdeligi eýeleýärler. Bu ýurda wekilçilik edýän Wangli Jang birden götermek görnüşinde 113 kilogram agramy galdyryp, eýýäm ikinji synanyşygynda özüne ýeňşi üpjün etdi. Soňra 115 kilogram agramlygy hem göterip, öňdeligini has-da berkitdi. Ikinji orna 112 kilogram agramy galdyrmak bilen Gazagystandan Nadežda Lihaçýowa mynasyp boldy. Özüniň iň oňat synanyşygynda 111 kilogram agramy galdyryp, Müsürden agyr atletikaçy Sara Samir Ahmed bürünç baýragyň eýesi boldy. Bu görkeziji häzirki pursatda ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordydyr. Itekläp götermekde müsürli ştangaçy ilkinji synanyşygynda 136 kilogram agram netijesi bilen ýetginjekleriň dünýä rekordyny goýup, hytaýly türgene mynasyp bäsdeş bolmaga çalyşdy. Wangli Jang oňa jogap edip, 140 kilogramy göterdi, soňra bolsa 148 kilogram agramy galdyrmak arkaly dünýä rekordyny goýdy hem-de bu agramy 152 kilograma çenli artdyrmagy başardy. Şeýle hem hytaýly agyr atletikaçy görnüşleriň ikisiniň umumy netijesi boýunça 267 kilogram agram görkezijini gazanmak bilen, altyn medala we dünýä rekordyna mynasyp boldy. Müsürli Sara Samir Ahmed şu görnüşde ýetginjekleriň rekordyny 141 kilograma çenli, umumylykda bolsa 252 kilogram agrama ýetirip, özüne kümüş medallaryň ikisini üpjün etdi. Itekläp götermekde üçünji orny ABŞ-dan Marta Enn Rojers eýeledi. Umumylykda bolsa bürünç medala Gazagystandan Nadežda Lihaçýowa mynasyp boldy. Erkekleriň arasynda 89 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Türgenler birden götermek görnüşinde örän barabar çykyş etdiler, birinji orunda barýan bilen onunjy orundakynyň arasyndaky tapawut bary-ýogy dört kilograma barabar boldy. Şoňa görä-de, emele gelen ýagdaýda soňky synanyşygyň netijesi hormat münberine ýetirip bilýärdi ýa-da öňdäki on türgeniň hataryndan çykaryp bilýärdi. Şunuň ýaly çylşyrymly ýagdaýa Çiliden Erleý Perez Mendez hem-de belarus türgeni Pawel Hadasewiç hötde geldiler. Olar 169 kilogram agramy göterdiler, ýöne Çiliden bolan türgen ýeňiş gazandy, çünki agramy ir galdyrdy. 168 kilogram agramlygy hem agyr atletikaçylaryň ikisi galdyrdy, ýöne bürünç medala Žor Esnaýder Torres (Kolumbiýa) eýe boldy. Itekläp götermek görnüşinde dessine öňdebaryjylaryň ikisi saýlandy, özi-de, olaryň hiç biri birden götermekde ilkinji üçlüge düşüp bilmedi. Olar birinji synanyşykda 200 kilogramdan ýokary agramy buýrup, oňa üstünlik bilen hötde geldiler. Russiýaly Artýom Okulow 203 kilogram agramy, Ermenistandan Hakob Mkrtçan bolsa 205 kilogram agramy galdyrdy. Ermenistanly türgen şondan soňky çykyşlaryny üstünlikli ýerine ýetirip bilmedi. Russiýaly türgen bolsa 206 kilogram agramy hem galdyryp, diňe bir şu görnüşde däl, eýsem, umumylykda hem özüne altyn medaly üpjün etdi. Itekläp götermekde Wenesueladan Jowanni Walenilla-Sançes bürünç medaly eýeledi. Görnüşleriň jemi boýunça Pawel Hadasewiç kümüş baýragyň eýesi boldy. Şunda üçünji orna Gruziýadan Rewaz Dawitadze mynasyp boldy. Mundan başga-da, ol birden götermekde 168 kilogram, itekläp götermekde 203 kilogram, umumylykda, 371 kilogram netije görkezip, ýetginjekleriň dünýä rekordlarynyň üçüsini goýdy. Ýaryşyň ýarysyndan gowragy yzda galdy, ýöne iň uly agram derejelerindäki agyr atletikaçylaryň çykyşlary heniz öňde. Ýaryşlaryň ýedinji gününde janköýerler Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungatlary sport toplumynda zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli we erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agram derejelerinde çempion adyna eýe bolmak ugrundaky bäsleşiklere tomaşa edip bilerler.

Soňky habarlar
04.02
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Saglygy goraýyş we sport
02.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
02.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
30.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.01
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
top-arrow