Resmi
25.08 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ajaýyp döwrümiziň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny wasp etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

16.08 2024

Amanmyradow Kakamyrady, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08 2024

Kakageldi Atajanowiç Saryýewi Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.

16.08 2024

Amanow Gowşutmurat Muhammetberdiýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08 2024

Daýanç Atamyradowy Маrу welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

16.08 2024

Gökçeýew Begmyrat Ýagşymyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

16.08 2024

Muhammetserdar Çarymyradowiç Aşyrowy Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.

13.08 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

08.08 2024

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Saparow Allaberdi Orazmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi.

06.08 2024

Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

146 sahypa
Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi