Resmi
13.03 2026

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.  

07.03 2026

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan güneşli Diýarymyzyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan guwandyryjy netijeler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Bitarap Watanymyzy Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşýar. Alnyp barylýan tutumly bu işler agzybir halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi we öňe gitmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Berkarar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, şan-şöhratly ýeňişlerine zenanlar mynasyp goşant goşýarlar.

06.03 2026

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

06.03 2026

Aksoltan Toreýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Meret Baýramowiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

06.03 2026

Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili wezipesine bellemeli.

06.03 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

144 sahypa
Soňky habarlar
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi