Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 24.07.2025
2549

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, bagtyýarlyk, Özbegistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderine doglan güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi. “Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini nygtamak isleýärin. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we netijeli gepleşikler ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge ýardam edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, syýasy-diplomatik ulgamda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda işjeň hem-de ynanyşmak ýagdaýyna esaslanýan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Söwda-ykdysady ulgamda özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, işewürler toparlarynyň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak, sebitara hereketler we senagat taýdan goşulyşmak boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar.

Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň hem ähmiýeti bellenildi. Biziň halklarymyzy öňden gelýän taryhy we medeni gatnaşyklar, umumy ruhy gymmatlyklar, däp-dessurlar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, medeni çäreler, sergilerdir konsertler arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň umumy abadançylygyň bähbidine özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýokary döwlet wezipesinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow