Resmi
23.12 2021

Abdymuhammet Begmyradowiç Aramowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

23.12 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdylla Bäşimowiç Annaberdiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

23.12 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Didar Kakabaýewiç Nurmuhammedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

22.12 2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

20.12 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaorazow Rahman Pirliýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


20.12 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


20.12 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gurbannazarow Orazmyrada berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

17.12 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.

17.12 2021

Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.

17.12 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Merkezi Aziýa – Hindistan dialogynyň” nobatdaky Daşary işler ministrler derejesindäki mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda degişlilikde Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

145 sahypa
Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi