02.02 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

02.02 2026

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

01.02 2026

Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny, olaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ykdysady öňegidişligiň üpjün edilmegine, halkyň abadan durmuşyna gönükdirilendigini tassyklaýan wakalara baý boldy.

01.02 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär.

30.01 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

30.01 2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

29.01 2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl okgunly ösüşler bilen badalga aldy.

28.01 2026

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. 

27.01 2026

Geçen hepdäniň wakalary döredijilikli ýol bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň durnukly ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

27.01 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

1535 sahypa
Soňky habarlar
20.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry