Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
Medeniýet
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
Çap edildi 28.01.2026
29

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. Şunuň bilen bagly buýsançly wakalaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda bolup geçmegi ýylyň bu ajaýyp şygaryna laýyk gelip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary arkaly bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä derejesinde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem 27-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparyny hut şu ýerden başlap, şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan ugur alnyp, bu gezekki dabara toýa mahsus ýokary derejede ýaýbaňlandyryldy we oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýaşlara aýratyn orun berildi.

Ajaýyp wakanyň hormatyna guralan çäreler hakyky türkmen toýlaryna mynasyp derejede geçirildi. Oňa gatnaşyjylar şatlyk-şowhunly, aýdym-sazly çykyşlar bilen köprüden düşüp, Akhan şaýolunyň ugrunda saklandylar. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewlere atlanyp we paýtun arkaly hatar gurap geçip gitdiler.

“Galkynyşa” sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Şoňa görä-de, toparyň agzalarynyň dabaraly, deň hatarly nyzam bilen geçip gitmekleri dabara gatnaşyjylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, milli atşynaslarymyza, bedewleriň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.

Soňra ýygnananlar bagtyýar maşgalanyň bäbekhanadan körpejäni alyp gelýän pursatlaryna şaýat boldular. Munuň özi göwünleri galkyndyryp, hemmeleriň kalbynda şatlyk duýgularyny döretdi. Adamlar şol maşgalanyň bagtyýarlygyna goşulyp, bu ajaýyp pursatlary ýüzüne syldylar. Soňra çärä gatnaşyjylar halkymyzyň gelin edinmek dessurynda häzirki wagtda ýerine ýetirilýän toý çäreleriniň birini — ak ýoldan gelnalyjy kerweniniň geçişini synladylar. Uzyn hatarly gelnalyjy kerweniniň döredýän şatlyk-şagalaňy asmana göterilip, alyslara ýaň saldy. Häzirki zaman awtoulagynyň döwrebap bezegler bilen bezelip, onda gelniň alnyp gelinmegi hem-de bu pursatlaryň ýaş çatynjalaryň paýtuna münüp gelmegi arkaly baýlaşdyrylmagy toýlaryň şowhunyny artdyrdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bedewleri bilen hem-de atly paýtunyň üstünde mynasyp bolan halkara baýraklaryny elinde göterip barýarlar. Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan gowşurylan bu halkara şahadatnamalar ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň beýany bolup, olara ýokary derejede hormat-sarpa bildirilýändiginiň ykrarnamasydyr.

«Taýçanak» binasyndan badalga alan atlylar “akylly” şäheriň Ahalteke atlary şaýolunyň ugry bilen «Akhan» binasyna tarap, soňra bolsa Akhan we Aba Annaýew şaýollaryndan geçip, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança tarap ýola düşdüler. Olary eli baýdakly talyplar, şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary şatlyk-şowhunly garşyladylar we mübäreklediler. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň başynda gazanylan bu halkara üstünlik halkymyzyň buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli atly ýöriş arkaly barýan kerweniň ýol ugurlarynda dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, şatlyk-şowhun has-da belende göterildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşyladylar hem-de gazanan nobatdaky üstünligi bilen gutladylar.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki Arkadag şäheriniň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berýär. Onuň nal şekilinde gurlan binasy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen bu desga gysga wagtyň içinde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar sirkiň eýwanynda guralan sergini synladylar. Sergide ahalteke bedewleriniň gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edilen döredijilik eserleri ýerleşdirilipdir. Bu gymmatlyklaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň 2025-nji ýylda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda mynasyp bolan Altyn baýragyna we beýleki ýörite baýraklaryna, şonuň ýaly-da, häzire çenli gazanan hemme beýleki sylaglaryna aýratyn orun berlipdir. Şeýle hem bu ýerde ganatly bedewlere “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplaryny bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýerleşdirilipdir. Dürli dillere terjime edilen bu kitaplar giň dünýä jemgyýetçiliginiň gymmatlygyna öwrülip, ahalteke atlaryna gyzyklanmalaryň artmagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Soňra «Galkynyş» toparynyň agzalary we dabara gatnaşyjylar Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň tomaşaçylar zalyna bardylar. Bu ýerde esasy dabaralar başlandy. Dabaranyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gowşurylan halkara şahadatnamalar bolsa ýörite bellenilen ýerde ýerleşdirildi.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen türkmen halkynyň Milli Liderini we hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutladylar. Bu waka toparyň gazanan üstünlikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydyr.

Bellenilişi ýaly, Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna mynasyp öwüşgin çaýýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem 2026-njy ýylyň şygaryna ünsi çekip, türkmen halkynyň öz arzuwlaryny, belent maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrýandygyny, ahalteke bedewleriniň biziň buýsanjymyzdygyny we şöhratymyzdygyny aýratyn nygtapdy. Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgertmeler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda gazanylýan ösüşler täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar.

Dabaranyň dowamynda Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynyň çeperçilik direktory we wise-prezidenti Urs Pilz sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Ol “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýyl halkara festiwalda örän gowy çykyş edip, sirk sungatynyň ösmegine ajaýyp goşant goşandygyny, şol çykyşyň taryhy waka bolandygyny nygtap, toparyň mynasyp bolan halkara şahadatnamalary bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de toparyň agzalaryna geljekde-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ol toparyň gazanan üstünliginiň Türkmenistanda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilmegi netijesinde mümkin bolýandygyny aýdyp, munuň üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. “Siziň toparyňyz, çapyksuwarlaryňyz we atlaryňyz, hakykatdan-da, ýokary derejeli, täsirli çykyşlary bilen festiwalymyzyň bezegine öwrüldi. Olaryň gazanan üstünliklerini, ýokary ussatlyklaryny hem-de ýurduňyzyň mertebesini nähili belent derejede görkezendiklerini hiç haçan ýadymyzdan çykarmarys. Siziň aramyzda bolmagyňyz biziň üçin uly mertebe boldy” diýip, Urs Pilz aýtdy. Ol sözüniň ahyrynda ajaýyp ahalteke atlaryny geljekde-de sirk festiwalynyň meýdançasynda görmäge umyt edýändigini aýdyp, hyzmatdaşlyk edilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Bu günki dabara Milli Liderimiziň: “Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!” diýen ruhlandyryjy sözleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýulýandygy barada aýdylyp, täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagynyň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara üstünlikleriniň türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýandygy bellenildi.

Türkmenler ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy. Halkymyzyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Olara «asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki döwürde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Çykyş edenler şular barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda beýan eden pikirlerine ünsi çekdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir Türkmenistanyň milli baýlygy däl, eýsem, bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. «At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr.

Halkymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilen işleri amala aşyrmak, Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin uly jogapkärçilik duýgusy bilen gadam basdy. Bu bolsa 2026-njy ýylda-da Diýarymyzda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, täze belent sepgitlere ýetiljekdiginiň alamatydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýylyň ilkinji aýynda gazanan halkara ýeňşi bolsa ýylyň geljekki üstünlikleriniň we ýetiljek täze sepgitleriň buşlukçysydyr.

Dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Aýdymlarda, edebi-sazly döredijilik eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri, türkmen bedewiniň gözelligini, şan-şöhratyny wasp edýän joşgunly çykyşlara orun berildi. Soňra sirkiň sahnasynda bu günki dabara mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu çykyşlar tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ýerine ýetirilen çykyşlar ýurdumyzda atçylyk sportunyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Milli sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, bu topar 2007-nji ýylda Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredildi. Bu toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine, geçen ýyl bolsa Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Toparyň çykyşlary tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çykyşlarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, tomaşanyň täsirliligini has-da artdyrýar. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ussatlyk derejesine ýetendigini görkezýär. Toparyň täsin çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Onda Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagy dileg edildi.

Soňky habarlar
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.01
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby bölümleriň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
24.01
Ynsanperwerlik ruhunda: çagalaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeldip
top-arrow