10.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyklara we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
10.08
2020
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
08.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ram Nath Kowinde hem-de Premýer-ministri jenap Narendra Modä ýurduň Kerala ştatynyň Kožikode şäheriniň Halkara howa menzilinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
08.08
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy.
07.08
2020
Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.
06.08
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
05.08
2020
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
05.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
05.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady.
04.08
2020
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir halkymyzyň ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri we açyşlar baradaky makalalaryň toplumyny çap etmegi dowam edýär.