Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kolumbiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwan Duke Markese we ýurduň ähli halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ismail Sabri Ýaakoba Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ösüşi üpjün etmäge hem-de dünýä bileleşigine ynamly goşulyşmagyna gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň beýik maksatlarynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
P.A.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakmak hakynda
A.A.Saryýewi Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda