30.08 2021

Berdimämmet Rejepmämmedowiç Annamämmedowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatmaly.

30.08 2021

Döwlet Rozymyradowiç Jumaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

30.08 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

29.08 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

29.08 2021

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary we gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy serişdelerine ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alar.

29.08 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany başga işe geçmegi sebäpli, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisiniň 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda çykaran XIII-1 belgili karary tassyklanyldy.

29.08 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

29.08 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly adatdan daşary ýagdaý zerarly gynanç hatyny iberdi.

27.08 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

27.08 2021

Milli ykdysadyýetimize dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýeti emele getirmek, elektron senagaty ösdürmek, ýurdumyzy öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda» Karara gol çekdi.  Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. 


1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi