Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 27.08.2021
2602

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän 4 gatly,  32 öýli 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň 170-siniň gurluşygyna geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň hem-de olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, desgalarda alnyp barylýan gurluşyk, olary ulanmaga bermäge taýýarlyk işlerine, şeýle hem sebitleri we ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalarynyň öz wagtynda ýerine ýetirilişine hemişelik esasda gözegçiligi üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Hökümet Baştutanynyň orunbasary “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy bölegiň höweslendirilmeginiň önümçilik ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de okgunly ösüşini, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň innowasiýa ugurly iş alyp barmagyny, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri bazaryň özleri üçin täze ugurlaryny özleşdirýärler, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goldaw bermek ägirt uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz Kararyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy, olaryň hatarynda Türkmenistanyň eýýäm köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem-de onuň düzüm bölekleri bar diýip belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýrugyň hödürlenilen taslamasyna gol çekdi we sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Gazhimiýa senagatynda ulanylýan tehnologiýalaryň ygtyýarnamasynyň eýesi bolan Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek hem-de onuň ygtyýarnamasy esasynda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Bu taslama boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamakda kompaniýanyň tehnologik we täjirçilik maglumatlaryny ulanmak maksady bilen, taraplaryň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Oňa laýyklykda, senagatyň binýatlaýyn pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary netijeli tehnologiýa esasynda işleýän önümçiligiň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, pudaga mundan beýläk-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere täze taslamany işläp taýýarlamak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça welaýatlarda ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ekiljek meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda tekizleýiş işlerini geçirmek, tagt we ýuwuş suwuny tutmak hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarydyr gurallaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça bugdaý ekiji oba hojalyk gurallarynyň we traktorlaryň 1 müň 545-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin etraplarda ýöriteleşdirilen abatlaýyş toparlary döredilýär.

Wise-premýer welaýatlaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, güýzlük bugdaý ekişine girişmäge hem-de ussat daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmäge ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda oňat netijeleriň gazanylýandygyny aýtdy. Döwletimiz ekerançylaryň netijeli zähmeti hem-de olaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Daýhanlar ýokary hilli tohum serişdeleri, mineral dökünler, häzirki zaman tehnikalary, himiki serişdeler hem-de suw bilen ýeterlik möçberlerde üpjün edilýär.

Oba hojalygy pudagynyň ähli işgärleriniň we gallaçylaryň öňünde bugdaý ekişi ýaly örän wajyp hem jogapkärli möwsüm dur. Ony öz wagtynda we ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmek dänäniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň asylly däplerine eýerip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda bu möwsüme girişmelidigini belläp, zähmetsöýer gallaçylara hem-de ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, bereketli topragymyzdan bol hasyl almakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Her bir dänäňiz müň bolsun, merdana gallaçylar!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de degişli gulluklar bilen bilelikde, paýtagtymyzyň çägini abadanlaşdyrmak, aýratyn-da, baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag ýollarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, elektrik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, degişli tertip-düzgüni we arassaçylyk kadalaryny saklamak işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatly gazturbina elektrik bekediniň ulanylmaga berilmegine görülýän taýýarlyk hem-de ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň miwesi bolan bu elektrik bekediniň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ýollarynyň we Aşgabadyň köçeleriniň ulanyş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip hem-de bu babatda birnäçe tankydy belliklerini aýdyp, ýurdumyzyň asfalt kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini herekete girizmegiň, olary doly güýjünde işletmegiň we ýol gurluşygyna degişli tehnikalary abatlamagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli düzümi döretmek babatda teklipleri tizden-tiz taýýarlamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini tassyklamak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek hem-de ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, degişli taraplara kosmos apparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ýokarda agzalýan tertibiň taslamasy ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bellikleri hem-de teklipleri göz öňüne tutulyp işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň we senagatyň ýokary tehnologiýalar esasynda hem-de geljegi uly ulgamlary hasaba almak arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini Türkmenistanyň häzirki ýeten derejesiniň talap edýändigini hem-de munuň geljek üçin anyk çelgi bolup durýandygyny nygtap, kosmos aragatnaşygynyň gürrüňsiz suratda şeýle ulgamlaryň hataryna girýändigini belledi.

Maglumatlary geçirmek, giň zolakly aragatnaşyk we multimediýa hyzmatlaryny hödürlemek, ýurdumyzyň üstaşyr telekommunikasiýa kuwwatyny ýokarlandyrmak, dürli ugurlarda uly möçberli maglumat akymlaryny üpjün etmek boýunça halkara halka hökmünde ýurdumyzyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli birnäçe kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek maksady bilen, Mary şäherinde ýerleşýän “Merw” we Türkmenabatdaky “Lebap” söwda kärhanalaryny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda söwda ulgamynyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, onuň eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýandygyny we tapgyrlaýyn esasda bazar gatnaşyklaryna geçirilmeginiň nazarlanylýandygyny belledi. Bu ugurda düýpli özgertmeleri çuňlaşdyrmak maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak, bölek we lomaý söwda kärhanalaryny dolandyrmak boýunça düzümleriň eýeçiligini emele getirmek, desgalary tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki edaralary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň paýyny ýokarlandyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň oňyn tejribesiniň esasynda ugurdaş senagatyň ösdürilmegi netijesinde, daşary ýurtlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralarynyň sanawy barada hasabat berdi.

Şanly sene mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.

1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriň açylyş dabaralary geçiriler.

Sentýabr aýynda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki täze binalaryň açylyş dabaralary bolar.

27-nji sentýabrda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar guralar. Şanly sene mynasybetli Aşgabatda dabaraly baýramçylyk ýörişi, sungat ussatlarynyň konserti we feýerwerk geçiriler. 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary guralar.

Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk yglan ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň wajyp tapgyryny alamatlandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine taýýarlyk meselelerine jogapkärçilikli, toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň sanawyny makullap, ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şolarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesi, onuň belent watansöýüjilik ruhy öz beýanyny tapmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde bellenilýän täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar. 1-nji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly başlangyçlary dowam etjek ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, ýokary hilli bilim almaklary üçin hemme mümkinçilikleri döretmegiň we olary terbiýelemegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenendigini belläp, wise-premýere Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisi jemläp, onda döwlet durmuşyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.10
Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara
17.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
17.10
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy
17.10
Özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli dialog
17.10
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
16.10
Aşgabatda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmek bellenildi
16.10
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi
16.10
Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
16.10
Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy özbek dilinde neşir edildi
16.10
«Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk
top-arrow