07.09 2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.


07.09 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


06.09 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

06.09 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

06.09 2021

Eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görýär. Bu sene ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy wakadyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylyň her güni zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmagyny, üstünliklerimizi açyp görkezýän geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

06.09 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

05.09 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

05.09 2021

Şu hatyň üsti bilen Size mähirli salamymy we çuňňur hormatymy beýan etmek, Ýaponiýanyň halkyna bolsa iň gowy arzuwlarymy ibermek meniň üçin hormatdyr.

05.09 2021

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:

05.09 2021

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi