Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, ýuridik şahslaryň ýer böleklerinden peýdalanmak hukugyny, olaryň peýdalanýan ýer böleklerini peýdalanmaga bermek üçin, agzalan şahslaryň ylalaşygy esasynda bes etmek, şeýle hem ýer böleklerini degişli döwlet edara-kärhanalaryna peýdalanmaga bermek bellenildi.
Türkmenistanyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary derejede ýetirmek hem-de bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallaryny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Medeniýet we syýahat” žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmek hem-de şu žurnalyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kemerowo oblastynyň “Listwýažnaýa” şahtasynda bolup geçen pajygaly hadysanyň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny ýollady.
Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.
Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary Aşgabadyň «Köpetdagyny» 2:0 hasabynda utup, taryhynda ýedinji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.