16-njy iýulda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazruini kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurdunyň tutuş halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berdi.