Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň ulag syýasaty global ösüşiň ugruny döredýär
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ulag syýasaty global ösüşiň ugruny döredýär
Çap edildi 20.05.2023
3045

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçiriýän ulag syýasaty, döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlary ulag we logistika pudagynda global ösüşiň ugruny döredýär.

Bu barada ýakynda bolup geçen wakalar aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtamaly. Bu möhüm resminamalar ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.

Birleşen Milletler Guramasy bu gezekki Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.

Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologik ulaglaryň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini, çäreleri geçirmek bellenildi.

Gadymy Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammiti dünýä ähmiýetli waka bolup, onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow birnäçe derwaýys teklipler öňe sürdi.

Bu iri daşary syýasat çäreside döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy.

«Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek Ýoluny Dikletmek» baradaky taslamasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynanýandygyna we bu taslama Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny hem-de sanagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýandygyna aýtdy.

«Şunuň bilen baglylykda, öz tagallalarymyzy Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde biziň öňümizde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmek aýratyn möhüm diýip hasap edýäris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow