26.02 2026

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

26.02 2026

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy her bir türkmenistanlyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

25.02 2026

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mübärek Oraza aýy tutuş musulman ymmatynyň jebisligini we raýdaşlygyny alamatlandyrýar. Bu günlerde dünýäniň ähli musulmanlary özlerini haýyr-sahawata, sogap işlere bagyşlaýarlar.

25.02 2026

2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasyny amala aşyrmakda täze sepgitlere ýetilýändigini görkezdi. Oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak, oba hojalygyna döwrüň talabyna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bu syýasatyň möhüm ugrudyr.

25.02 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

24.02 2026

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

24.02 2026

Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

24.02 2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

23.02 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

23.02 2026

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

1489 sahypa
Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi