Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 29.06.2026
1217

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkmenistanda gazanylýan üstünliklere örän buýsanýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň şanly senesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzdan Milli Liderimize doglan güni mynasybetli iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mübärekläp, onuň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen «Toyo Engineering» kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Ýurdumyz bilen «Toyo» kompaniýasynyň arasynda nebitgaz, himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri, işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de ýurdumyzyň «Toyo Engineering» kompaniýasynyň nebitgaz, himiýa senagaty boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow