08.03 2026

Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramy — Halkara zenanlar güni giňden bellenip geçilýär. 

08.03 2026

Sizi tebigatyň janlanyp, ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

07.03 2026

Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

07.03 2026

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň hormatyna medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

07.03 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

07.03 2026

Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan güneşli Diýarymyzyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan guwandyryjy netijeler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Bitarap Watanymyzy Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşýar. Alnyp barylýan tutumly bu işler agzybir halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi we öňe gitmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Berkarar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, şan-şöhratly ýeňişlerine zenanlar mynasyp goşant goşýarlar.

06.03 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

06.03 2026

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

06.03 2026

Aksoltan Toreýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

06.03 2026

Meret Baýramowiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşatmaly.

1489 sahypa
Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi