Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.
«Türkmenistan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hoşniýetlilige, medeni gatnaşyklara, iň gowy tejribeleriň we garaýyşlaryň alşylmagyna esaslanýan hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan döwletara dialogy alyp barýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.
Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi.
Sizi Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu medeni çäräniň ýokary ruhubelentlik döredip, oňa gatnaşyjylaryň döredijilik kämilligini artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Ilki bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sadaka berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary esasynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde 2024-nji ýylda gadymy Samarkant şäherini GDA-nyň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy Türkmenistanyň goldaýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda GDA üçin ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny aýtdy.