Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
Syýasy habarlar
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
Çap edildi 11.04.2026
27

Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy.

2008-nji ýylda UNIDO-nyň we Awstriýanyň Hökümetiniň howandarlygynda esaslandyrylan Energetika we howa boýunça halkara Wena forumy geçen ýyllaryň dowamynda ekologiýa başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin esasy ählumumy platforma öwrüldi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň mejlisi (COP) ýaly syýasy sammitler umumy maksatlary öňde goýýan bolsa, Wena forumy ol maksatlary gazanmak üçin tehnologik we maliýe mehanizmlerine ünsi çekýär. Bu forum döwlet düzümleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň we işewür toparlaryň arasynda özboluşly köpri bolup, daşky gurşaw boýunça ählumumy borçnamalary anyk maýa goýum taslamalaryna we senagat çözgütlerine öwürmäge ýardam berýär.

Maslahatyň gün tertibine, esasan, energetika geçişi çaltlandyrmak, ýaşyl wodorody ornaşdyrmak we energetika ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Forumda ykdysadyýetleri energiýa serişdelerine bagly bolan ösüp barýan ýurtlarda arassa energiýa inklýuziw elýeterliligi üpjün etmek bilen bagly meselä aýratyn üns berilýär. Forumyň çäklerinde senagat pudagynda metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak we “ýaşyl” energetika üçin möhüm serişdeleriň durnukly zynjyrlaryny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmenistan senagat pudagynda uglerodyň zyňyndylaryny peseltmäge aýratyn üns bermek bilen, howa boýunça ählumumy gün tertibine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda bu borçnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny 30 göterim peseltmek boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda innowasion çözgütler ornaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyz energetika howpsuzlygynyň binýady hökmünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ösdürýär. Balkan welaýatynda kuwwaty 10 MWt bolan utgaşykly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşi üçin: 2024 – 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly GIZ maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bu ugurda möhüm tapgyr bolup durýar.

Çölleşmä garşy göreşmek meselelerinde Türkmenistan tokaý zolaklaryny döretmegi we ýer-suw serişdelerine sanly gözegçiligi ornaşdyrmagy öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäni durmuşa geçirýär. Bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegi aýratyn goralýan tebigy çäkleriň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.

Häzirki zaman dünýäsinde ekologiýa howpsuzlygy iň möhüm ählumumy meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda Türkmenistan dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan öz toplan baý tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinip, ýüze çykýan ekologik meselelere hemişe halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär.

Ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmagy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

...Forumyň geçirilýän ýeri – Hofburg köşgünde Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller hem-de Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzinger mähirli garşyladylar.

Şu gezekki Forumyň gün tertibine “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki geosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy we dekarbonizasiýa bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Forumyň barşynda Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen foruma gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenip, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Soňra forumda çykyş etmek üçin Gahryman Arkadagymyza söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene, UNIDO-nyň Baş direktory Gerd Müllere hem-de Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl–Raýzingere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki forumyň giň wekilçilikli düzüminiň dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli we uzakmöhletleýin strategiýalarynyň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde öz goşandyny goşýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki forum dünýä üçin ýeňil bolmadyk döwürde geçirilýär. Energetika hem-de daşky gurşaw ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleriniň hataryndadyr.

–Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän hem-de energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara-hukuk we beýleki şertleri hem-de kepillikleri döretmek maksady bilen jogapkärçilikli we yzygiderli syýasaty alyp barýar – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ozal toplanan tejribä we häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, ýurdumyzyň energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly we öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

–Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasatsyzlaşdyrmaga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaçlyk bolsa gerek – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasatsyzlaşdyrmagy beýan edýän “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamak meselesine seretmek baradaky teklibini beýan etdi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara-hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Munuň özi mundan beýläk-de bilelikde işlemek üçin gowy esas bolup durýar. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

– Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, şeýle hem geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýigrimi ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen halkara-hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzakmöhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy. Şondan bäri geçen wagt ýurdumyzyň çemeleşmeleriniň dogrudygyny we esaslandyrylandygyny görkezdi.

– Biziň bu günki tekliplerimiz anyk netijelere gönükdirilen teklipler bolup durýar – diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we ýurdumyzyň bu teklipler boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga açykdygyny we BMG-de degişli geňeşmeleri hem-de gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz howanyň üýtgemegi meselesine hem Türkmenistanyň şeýle netijeli çemeleşýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny gazanmaga doly ygrarlydygyny hem-de “ýaşyl” energetika ulgamynda, ýel we Gün energiýasyny ulanmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

– Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energiýasyny ösdürip başlamaga girişmek bilen, bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňişleýin işlemäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin Wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys – diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmegiň we täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Ýakyn geljekde Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezi işläp başlar. Türkmenistanyň Hökümeti bu täze düzüme hemmetaraplaýyn goldaw berip, onuň öz wezipelerini hem-de maksatlaryny netijeli ýerine ýetirmegi üçin amatly şertleri üpjün eder.

Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir temasy barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa we has giň manyda, suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir. Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär we häzirki hem-de geljekki nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar.

– 2025-nji ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamlaryň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Türkmenistan bu möhüm resminamanyň ähli kadalarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş eder – diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we bu işde ýurdumyzyň giň halkara goldawyna umyt edýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda işleýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe möhüm ugurlar boýunça kabul edilen kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam eder. Şu gezekki foruma biz hut şu nukdaýnazardan garaýarys we maslahatda anyk netijeleriň kabul edilmegine garaşýarys – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri halkara Wena forumyny guraýjylara işlemäge döredilen amatly şertler üçin minnetdarlygyny bildirip, maslahata gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryny we gymmatlyklaryny durmuşa geçirmegiň bähbidine üstünlikli we netijeli işlemeklerini arzuw etdi.

Forumyň alypbaryjysy çuň many-mazmunly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň hem-de başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Wena forumynda beýan eden başlangyçlary ählumumy ekologiýa meselelerini çözmekde täze ugurlary kesgitläp, Türkmenistanyň energetika giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde eýeleýän ornuny tassyklady. Ýurdumyz milli bähbitleri dünýäniň ekologiýa abadançylygy baradaky tagallalar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, halkara energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde döredijilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek subut etdi.

…Awstriýa Respublikasyna saparynyň maksatnamasyny tamamlandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Wena şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

...Birnäçe sagatdan soňra Gahryman Arkadagymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açyp, halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny tassyklady. Awstriýa Respublikasy bilen özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy uzakmöhletli we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow