Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy
Çap edildi 13.10.2023
2687

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşynda GDA üçin ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Soňra ol kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmekde energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynanýandygyny belledi.

«Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berýäris» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow