Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýä ýurduň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
Sizi täze, 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.
Täze, 2024-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin we Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, mähriban halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýyl tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri Fumio Kisida Ýaponiýanyň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Sizi täze — 2024-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi.