Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 04.01.2024
2339

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi täze, 2024-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

2023-nji ýylda biz hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek üçin uly işleri durmuşa geçirdik. Ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk raýatlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işlerde ýokary netijeleri gazanmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Geljekde-de bize möhüm wakalaryň we bilelikdäki täze taslamalaryň garaşýandygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, güýç-gaýrat, rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Täze ýyl baýramçylygy Size rahatlyk, ruhubelentlik, ýakynlaryňyz bilen şatlykly pursatlary bagyşlasyn!

Aleksandr BEGLOW,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size uly hormat goýýandygym baradaky tüýs ýürekden ynandyrmalarymy we Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Size we Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýüregimden bagtyýarlyk, berk jan saglyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin. Goý, 2024-nji ýyl ýagşylyklara, ähli işlerde we başlangyçlarda üstünliklere beslensin!

Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Bu gatnaşyklaryň täze ýylda hem pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça täze taslamalardyr başlangyçlar bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2024-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu ýyl Siziň beýik başlangyçlaryňyzyň esasynda doganlyk Türkmenistan üçin abadançylygyň we ähli ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylýan ýyly bolsun!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk türkmen halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.

Soňky habarlar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
23.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.10
“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi
23.10
Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
23.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna
23.10
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
23.10
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23.10
Dünýä ähmiýetli milli gymmatlygyň şanyna
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow