09.02 2024

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylynyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça Ak bugdaý etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şatlykly wakanyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyryp, eziz Watanymyza bolan buýsanjyňyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

09.02 2024

Abdulla Muhammetgeldiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine belläp, ony Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Myrat Akmyradowiç Mämmedowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Çaryýar Puriýewiç Çetiýewi Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Guwanç Döwletmämmedowiç Orunowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Soýençnazar Nurnazarowiç Selimowy, başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Röwşen Orazmyradowiç Işanowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

09.02 2024

Akmyrat Rozydurdyýewiç Hudaýberdiýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.

1462 sahypa
Soňky habarlar
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna