Şu gün paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan sergi-bäsleşik dabaraly ýagdaýda açyldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilik, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigi öz beýanyny tapdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Size şatlykdan doly, bagtly 2024-nji ýyly we Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza üstünlikleri arzuw edýärin, şeýle-de meniň üçin örän gymmatly bolan hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.