Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirilýär
Ykdysadyýet
Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirilýär
Çap edildi 04.03.2024
1784

Şu gün paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly dünýäniň ähli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şunda goňşy döwletler, şol sanda doganlyk Owganystan, köpasyrlyk dostlukly däp-dessurlar we taryhy-medeni umumylyklar baglanyşdyrýan owgan halky bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň amala aşyrýan iş saparlary, geçirilýän maslahatlaşmalar, gepleşikler hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine köp babatda ýardam berýär.

Türkmenistan Owganystanyň syýasy-ykdysady durnuklylygyna, goňşy doganlyk halkyň abadançylygyna we bitewüligine uly gyzyklanma bildirýär. Bu babatda ýurdumyzyň üýtgewsiz garaýşy ýeňillikli esasda elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň iberilmeginde, durmuş maksatly desgalary gurmakda, hünärmenleri taýýarlamakda berilýän ýakyn goldawda hem aýdyň ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de Owganystanyň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümlerini dikeltmäge gönükdirilen anyk ädimleri äder. Munuň şeýledigine döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki iri halkara forumlarda öňe süren, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary hem şaýatlyk edýär. Gürrüň, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada barýar. Bu iri energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine, oňa maýa goýumlaryň gönükdirilmegine, möhüm durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönüden-göni ýardam eder.

Elektroenergetika pudagy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudyr. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan TOPH gaz geçirijisiniň ugry bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň hem çekilýändigini bellemek gerek. Bu elektrik geçiriji ulgam TOPH taslamasynyň ähli infrastruktura desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge hem şert döreder. Ýurtlarymyzyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmekleri ulag-aragatnaşyk pudagynda-da netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar.

...Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

Dabarada Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýakyndan goldaw berýändigi, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy, iki halkyň dostlugyny pugtalandyrmakda goşýan şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, giň gerimli gözden geçirilişiň we işewürlik maslahatynyň geçirilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara oňyn itergi, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze derejelere ýetmäge, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Sergä gelýänler dürli ugurlar boýunça diwarlyklar bilen tanşyp bilerler. Bu ýerde halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy, gök önümler, miweler, azyk önümleri görkezilýär. Owganystanyň söwda toplumynyň okgunly ösüşi bu ýerde görkezilýän wideogörnüşlerde hem-de owadan bezelen neşir önümlerinde beýanyny tapdy. Şunuň bilen birlikde, diwarlyklaryň ýanyndaky kompaniýalaryň wekilleri bu ýere gelen myhmanlarda gyzyklanma döredýän eksponatlar, kärhanalarynyň ösüş meýilnamalary barada gürrüň berýärler.

Söwda toplumynyň köp sanly diwarlyklary we pawilýonlary serginiň agramly bölegini eýeleýär. Şolaryň hatarynda «Farzad Osman», «Fari Afghan», «Sistan Fahim Ltd», «Asia Aria Ltd», «Rah Now», «Monib Menhaj Noori» ýaly täjirçilik kompaniýalary, azyk önümlerini öndürýän «Zafarani Insaf Ahmadi», gury ir-iýmişleri öndürýän «Sadeqa» kompaniýalary, gök önümleri we miweleri gaýtadan işleýän «Omaid Bahar», «TahaHaidari» kärhanalary, Owganystanyň Zenanlar söwda-senagat edarasy, Owgan üzüminiň eksportyny ösdürmek boýunça müdirlik bar. Azyk önümlerini öndürýän «Ziabi Rashid», «Golestan Arghavan», «Shahd Shamal», «Murtaza Hashimi», pomidor goýaltmasyny öndürýän «Heart Golchin», içgileri öndürýän «Super Cola» we beýleki kompaniýalaryň önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Bu ýerde dürli görnüşli ter gök önümleriň, miweleriň hatary, Owganystanyň azyk senagatynyň harytlary ýerleşdirilipdir. Zagpyranly çaýlar we Gündogaryň beýleki hoşboý ysly goşundylary, gury ir-iýmişler, dürli görnüşli süýjüliklerdir içgiler sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Dokma önümleriniň diwarlygy diňe bir owgan önüm öndürijileriniň mümkinçiliklerini, olaryň çykarýan önümleriniň görnüşlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem şert döredýär. «Aria Omelbelad», «Khalaj Amani Ltd», «Khal Mohammadi Ltd», «Sabir Muradi», «Imran Nasimzada Trading» ýaly kompaniýalar halylaryň köp görnüşlerini, özboluşly nepis palaslary görkezdiler. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ýüňden dokalan halylaryň ajaýyp nagyşlarynyň öwüşgini uzak wagtlap solmaýar we şol bir durkuny saklaýar. Olaryň boýaglary tebigy serişdelerden taýýarlanylýar.

Senetçiligi ösdürmek boýunça döwlet kompaniýalary we hususy kärhanalar tarapyndan görkezilen halk senetçiliginiň, amaly-haşam sungatynyň, şol sanda keramika, bezeg aýnasy, zikgelenen, agaçdan oýulyp ýasalan önümleriň, örtgüleriň diwarlyklary sergä gelen myhmanlaryň gyzyklanmalaryna eýe boldy. Ussatlyk bilen döredilen işler — täsin aýna gaplar, tagamlar, gaýtalanmajak mozaika hem-de milli usulda bezelen pannolar, sowgatlyk hem-de beýleki köp sanly harytlar owgan halkynyň baý mirasyny we özboluşly döredijilik ýörelgelerini beýan edýär.

Gurluşyk serişdelerini, senagat önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň, kärhanalaryň diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. Şolaryň hatarynda «Etemad Akhondzada», «Shadap Zafari Construction», «Ehsan Gheyase», «Salah Zada», «Sang Sazane Mermer» ýaly köp sanly kompaniýalar bar. Owganystanyň senagat düzüminiň gazananlary bilen plastik önümleri öndürýän «Tawan Asi», «JahanNaz», aýna we agaç önümlerini öndürýän «Ishaq Pirozi» kärhanalary, «Khan», «Maisam», «Zai Sayedi» ýaly polat işleýän, «Meli», «Milat» we «Faqiri» polat önümçilik kompaniýalary, Owganystanyň Polat önümçilik birleşigi, «Ilham Ehsam» guýma-önümçilik kärhanasy, gymmat bahaly daşlary gazyp alýan «Afghan Morvarid» kompaniýasy, «Sadat Hofiani» metallurgiýa zawody tanyşdyrýar.

Nebitgaz pudagyna ýöriteleşen düzümleriň arasynda «Bakhtar Ethad Petroleum», «Soha Safa Petroleum», «Arman Ltd», «Yousif Ehsan Sharq Petroleum», «Salaiman Khil Group Ltd», «Napco DMCC», «Mehran Wafa», «Harmoni Energy Ltd», «Afghan Petrol Group Ltd», «Khafi Petrolum Ltd» kompaniýalary bar. Olar kärhanalaryň çyzgylaryny, taslama işläp taýýarlamalaryny hem-de nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň nusgalaryny görkezýärler. «Hedayat Hussain Agriculture», «Barakat Aslami Zarati aw Maldari», «Al-Rehed» kärhanalary oba hojalygynda toplumlaýyn taslamalary işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatlary hödürleýärler. Ulag-logistika toplumyna bagyşlanan diwarlyklar hünärmenleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Bu babatda «Kam Air Airways» kompaniýasy awiasiýa, «Etefaq Mohammadi» we «Basir Nasir Logistic» kompaniýalary logistika, «Gunai Turkistan International Transport» kompaniýasy hem ýük daşamak pudagynda hyzmatlary hödürleýär.

«Chashm-e-Roshan», «Osmani Eye Clinic» lukmançylyk klinikalary, «Star» lukmançylyk toplumy we «Moon Bright Pharmaceutical Factory» derman önümçilik kärhanasy öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Sergi zalynda ylym-bilim ulgamy hem öz beýanyny tapdy. Bu ýerde guralan diwarlyklar Owganystanyň Horasan uniwersitetiniň, Barjastanyň Maliýe we işewürlik institutynyň işi hem-de gazananlary bilen tanyşdyrýar. Häzirki zaman poligrafiýa we çaphana işine bagyşlanan pawilýonlar sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde «Ahmad» we «Danish» çaphana merkezleri, «Mobarak», «Baheer» poligrafiýa kompaniýalary hyzmatlaryny hödürleýärler. Sergi owgan banklarynyň işi bilen hem tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda «Аzizi Bank», «Ghazanfar Bank», «Afghan United Bank», «Afghanistan International Bank» ýaly düzümler bar.

Serginiň geçirilýän ýeri türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmegi, özara bähbitli täze gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirmek üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär.

...Şu gün gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahata gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň çäklerinde şu gezekki çäräniň geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň has netijeli guraly hökmünde öňe çykýar. Muňa ýurtlarymyzyň arasynda depginli ösýän söwda dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we üstünlikleri, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada aýdyldy. Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa senagaty, energetika pudaklarynda, durmuş ulgamynda giň gerimli özgertmeleri yzygiderli we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesine daýanýan iki ýurduň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanýandyklaryna ýokary baha berdiler. Duşuşygyň dowamynda Owganystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Ol hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nusgalyk mysaly bolup, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, has giň çäklerdäki parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbitlerine hem laýyk gelýär.

Owgan wekiliýetiniň agzalary türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmekde yzygiderli ýardam berýär, şol sanda goňşy ýurtda durmuş düzümlerine degişli desgalary gurýar. Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine goşant goşýandygyny belläp, şu günki gazanylan ylalaşyklaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, beýleki çäreleri geçirmegiň zerurdygy aýdyldy.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň jemleri boýunça birnäçe resminamalaryň gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Owganystanyň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Ertir gözden geçirilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýurdumyzyň we owgan işewürleriniň gatnaşmagynda göçme söwda geleşikleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
04.10
Türkmenistanyň Prezidenti Çad Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
03.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
03.10
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
03.10
Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
02.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
top-arrow