Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Geçen hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar halkymyzyň ruhy we medeni mirasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň beýany boldy.
Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ajaýyp Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bahara mahsus täzeleniş we şatlyk ruhy dünýämize sazlaşyk, bagtyýarlyk getirsin, özümize bolan ynamymyzy has-da pugtalandyrsyn hem-de dünýäniň ähli halklarynyň arasynda dostlugyň, hyzmatdaşlygyň bähbidine asylly maksatlara ýetmekde bize ýardam etsin!
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.