Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.
Gurban baýramy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Beýik Allatagaladan abadançylyk, bereket dileýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk pudagynyň hem durnukly ösýändigini aýdyň görkezdi. Ýanwar — iýun aýlarynda gurluşykda jemi içerki önümiň ösüşiniň iň ýokary görkezijileriniň birine, ýagny 9,3 göterime ýetildi. Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Bu, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21 göterim köpdür. Şu ýylyň birinji ýarymynda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze kärhanalaryň döredilendigi, köp sanly senagat desgalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi aýdyldy.
30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a milli baýram — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Röwşen Jepbargulyýewiç Hojagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Döwletgeldi Seýidowiç Babaýewi Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.