Soltanmyrat Akmämmedowiç Soltanmyradowy, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Döwletgeldi Seýidowiç Babaýewi Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Şöhrat Annagurbanowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Maksat Kowusowiç Annanepesowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Oguljennet Kakadurdyýewna Berdiliýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň X, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XVII mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň örän möhüm ugry bolup durýar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr.