23.03 2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

22.03 2025

Şu gün tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen “akylly” şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

22.03 2025

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

21.03 2025

Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady.

21.03 2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan Size we ähli türkmen halkyna parahatçylygyň, täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.

21.03 2025

Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýaz paslynyň al-elwan güllerine beslenip gelen Nowruz baýramynda ýaňlanjak aýdym-sazlaryň, folklor çykyşlarynyň we milli gymmatlyklaryň sergileriniň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, raýatlaryň kalbynda milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza söýgi döretmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

20.03 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

20.03 2025

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

20.03 2025

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tebigatyň täzelenişiniň hem-de röwşen geljege umyt-arzuwyň nyşany bolan gadymy Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn. Bahar pasly tebigatyň janlanyşyny alamatlandyrmak bilen, ynsanperwerligiň we galkynyşyň çeşmesidir. Şu mübärek günlerde ýurtlarymyzyň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilýändiginiň şaýady boljakdygymyza ynanýaryn.

20.03 2025

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rysgal-berekede, toý-baýrama beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin.

1456 sahypa
Soňky habarlar
21.03
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
21.03
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
21.03
B.B.Ataýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.03
Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenilýär
21.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna