Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 03.10.2025
187

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin Siziň bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Horwatiýa Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Horwatiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Zoran MILANOWIÇ,
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size, ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Anura Kumara DISSANAÝAKE,
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik
Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna ösüş, abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tailand bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Ýakyn ýyllarda söwda, maýa goýumlar, halkara gatnaşyklary ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna, onuň iki döwlete ägirt uly peýda getirjekdigine berk ynanýaryn.

Maha WAJIRALONGKORN,
Tailandyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Mýanma bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň halklarymyzyň bähbidine geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

General Min Aun HLAÝNG,
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy,
Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Ahmed Abdullah Al-Ahmad AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Dostlukly Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, üstünlik, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Sabah Halid
Al-Hamad AL-SABAH,

Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk dileýärin.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de guramany goldamak ugrunda alyp barýan işi üçin hoşallyk bildirýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, öz gezeginde, umumy gymmatlyklary öňe sürmek, agza döwletleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda tagallalaryny dowam etdirer. Siziň Alyhezretiňiziň gurama agza döwletleriň halklarynyň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrmaga goldaw berjekdigiňize ynanýaryn.

Jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hisseýn Brahim TAHA,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sankt-Peterburg şäheriniň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Geçen ýyllaryň dowamynda Siziň örän baý taryha we medeni mirasa eýe bolan ýurduňyz raýatlarynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrdy hem-de halkara giňişlikde mynasyp orun eýeledi. Häzirki wagtda biz ruhubelent türkmen halkynyň özygtyýarly we gülläp ösýän döwleti berkarar etmekde, gadymdan gelýän asylly ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirmekde gazanan üstünliklerine buýsanýarys.

Döwrüň synagyndan geçen rus-türkmen strategik hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde durnukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýar. Sankt-Peterburg şäheri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe üns berýändigiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Russiýanyň demirgazyk paýtagty biziň ýurtlarymyzyň we şäherlerimiziň ýaşaýjylarynyň bähbidine oňyn dialogy giňeltmek üçin hemişe açykdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Aleksandr BEGLOW,
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan

jenap Prezident!

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýurduňyzyň baş baýramy ähli türkmen halkyny Watana buýsanç, ýagty geljege ynam hem-de ene topraga söýgi ruhunda jebisleşdirýär. Siz — öňdengörüjilikli we döwrüň ruhuna laýyklykda pikirlenýän täze nesliň, täze eýýamyň syýasatçysy. Siziň baştutanlygyňyzda alnyp barylýan ýurduňyzyň içeri hem-de daşary syýasaty, medeni diplomatiýasy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny barha belende göterýär. Siz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeldýärsiňiz. Siz türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgelerini baýlaşdyrýarsyňyz. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüş nusgasy dünýä giňişliginde uly gyzyklanma döredýär.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, parahatçylyk, abadançylyk, türkmen halkyna bolsa uzak ýyllaryň dowamynda bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
07.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 31 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
05.10
Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine döredijilik ýoly bilen
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
03.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.A.ÇARYÝEW hakynda
top-arrow