Häzirki wagtda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini görkezip, netijeli daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan bu mübärek baýramyň ähli adamzada parahatçylyk we asudalyk getirmegini dileýärin hem-de Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.
Söwda we telekeçilik ulgamyny ösdürmek halkymyzyň durmuş abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, Diýarymyzyň azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamdaky özgertmeler ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, bazar gatnaşyklarynyň ýokary netijelere beslenýändigini aýdyň görkezýär.
Belent ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanmasynyň nyşany bolan Gurban baýramynyň asylly dessurlaryna beslenen geçen hepde möhüm ähmiýetli şanly wakalara baý boldy. Şol wakalarda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.
Türkmenistanda külli yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri bolan ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy giňden bellenilýär.
Yslam dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri — mübärek Gurban baýramy mynasybetli Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi yslam dünýäsiniň esasy baýramlarynyň biri, ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy we toý-baýramlarymyzy täze taryhy döwrümizde wagyz etmekde, giňden ýaýbaňlandyrmakda alyp barýan döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.