Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
Çap edildi 19.12.2025
3264

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Ýakynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly senesi, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara forum geçirildi. Bu foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy häzirki wagtda halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we netijeli dialogyň ähmiýetiniň has-da artýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Imperator Naruhito döwlet Baştutanymyzy giň wekilçilikli forumyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Onuň Alyjenabyny “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de bu sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryň ünsüni çekendigini, olaryň ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti we häzirki döwürde ýeten sepgitleri bilen tanyşmagyna uly mümkinçilik döredendigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýa täze tehnologiýalar we ýokary senagat önümçiligi babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan Türkmenistanda olary tygşytly we netijeli özleşdirmekde ýapon tehnologik çözgütlerine hem-de tejribesine esaslanylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ekologik abadançylyga möhüm ähmiýet berýändigine ünsi çekip, “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ulgamlarynda ýapon işläp taýýarlamalaryna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperatora minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň türkmen we ýapon halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow