26.07
2017
Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç almak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
25.07
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
25.07
2017
Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.
25.07
2017
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr.
24.07
2017
Tutuş ýurdumyz boýunça—paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Aşgabat-2017” taslamasynyň çäklerinde 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan täze wagyz ediş çäresine - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe taýýarlyk görülýär.
21.07
2017
Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.
21.07
2017
Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek meseleleri boýunça ylmy maslahat guraldy.
20.07
2017
Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.
19.07
2017
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmen arhiwi” taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagyz etmek, şeýle hem ýurdumyzyň arhiw işiniň ösüşine goldaw bermek, bu ulgamda gazanylanlary giňden beýan etmek bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirildi.
19.07
2017
Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Ony ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde gurady.