Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi
Jemgyýet
Bitaraplyk gününe we Täze ýyla bagyşlanylan baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy düzüldi
Çap edildi 24.11.2017
2099

Türkmenistanyň medeniýet ulgamy Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek işlerini alyp barýar. Däp boýunça durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary dekabryň bu baýramçylyk wakalaryna gabatlanylar. Baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasyna Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy hem-de pudaklaýyn maslahatlar girýär. Däp boýunça dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde ýaş estrada aýdymçylarynyň hem-de höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemi jemleniler. Awstriýanyň we ýurdumyzyň sazandalarynyň bilelikdäki konserti, Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahatlary, Russiýa Federasiýasynyň sirk toparynyň çykyşlary halkara çäreleriniň hatarynda görkezildi. 15-nji dekabrda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary geçiriler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow