Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Daşary ýurt dillerini okatmagyň ulgamy kämilleşdirilýär
Jemgyýet
Daşary ýurt dillerini okatmagyň ulgamy kämilleşdirilýär
Çap edildi 24.11.2017
3101

24-nji noýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawuny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnamany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz dil babatdaky taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin uly artykmaçlykdygyny, onuň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelmegi üçin konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow