31.08
2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar. Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.
28.08
2017
Merkezi serkerdeler öýünde “Juwanlygyň joşguny” şahyrana bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnaly gurady. Şeýle resmi bäsleşik Internet ulgamynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirildi, onuň ýeňijileri bolsa onlaýn ses bermek arkaly kesgitlenildi.
25.08
2017
Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Bu baradaky meselä hökümetiň mejlisinde garaldy.
25.08
2017
Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi açyldy.
25.08
2017
Türkmenistan her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýarmçylyk çäreleriniň geçirilmegine taýýarlyk görýär.
25.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny aýawly saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.
24.08
2017
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan bezegli žurnal neşir edildi.
22.08
2017
Şu gün ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine taýýarlyk, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň barşy bilen tanyşdy. Uçuş mahaly döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.
20.08
2017
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlyk, şahsy, hojalyk başlangyçlary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy bizi gurşap alýan ähli zatlara—goý ol şäheriň we obanyň köçelerindäki tertip we arassaçylyk bolsun, ene topragymyzyň tebigatynyň gözelligi we köpdürlüligi, alada mätäç bolan adamlar we idegsiz haýwanlar bolsun, jogapkärçilikli garamaga çagyrýar, çünki munuň özi asylly we ähmiýetli işleriň başlangyjydyr.
17.08
2017
Umumymilli baýram – Türkmen gawunynyň güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Şu ýyl dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagyna gabatlanyldy.