Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi
Jemgyýet
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi
Çap edildi 31.12.2017
2566

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramcylyk sowgatlaryny gowşurdy. Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň manatdan gowrak bolan sowgatlaryň 25 müňden gowragyny gowşurdylar. Haýyr-sahawat işleri köpasyrlyk türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ugur täze ösüşe eýe boldy. Muňa 2017-nji ýylda Haýyr-sahawat işi hakyndaky kanunyň kabul edilmegi hem nobatdaky gezek şaýatlyk edýär, ol özleri hakynda alada edilmegine mätäç bolan adamlara guramalaryň we aýry-aýry adamlaryň goldaw bermäge gönükdirilen işleriniň has netijeli bolmagyna ýardam berdi.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow