Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
Jemgyýet
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar
Çap edildi 10.01.2018
3330

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd» kompaniýasy Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiki uniwersitetinde 2018-2019-njy okuw ýylynda okamak üçin dalaşgärleri kabul edip başlaýar. *Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy *Himiki maşyngurluşyk *Nebitgaz çykarmagyň tehnologiýasy *Elektrika we elektronika *Geologiýa we geofizika *Maglumat kompýuter tehnologiýalary/Işewür maglumat bermegiň ulgamy Resminamalar kabul edilende şu aşakdaky görkezijiler göz öňünde tutular: 1.Ýaşy: 17-23 ýaş 2.Maşgala ýagdaýy: öýlenmedik/durmuşa çykmadyk 3.Iňlis dilini bilişine bildirilýän talaplar - IELTS boýunça iň pes bal 5.0 ýa-da - Iň pes bal TOEFL PBT 500 4.Orta mekdebi matematika, himiýa, fizika hem-de inžener ylmyna degişli bolan beýleki 2 ders boýunça gowy we has gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy. 5. Merkdepden daşary çärelere işjeň gatnaşmagy 6.Güýçli liderlik häsiýetleri Zerur bolan resminamalaryň sanawy: -Bellenen nusgadaky sowalnama. -Pasportyň göçürmesi (ýerli we daşary ýurt) -doly orta bilim hakyndaky attestatyň göçürmesi -11-nji synp okuwçylary üçin soňky iki çärýegiň bahalarynyň tassyklanan tabeli -Sertifikat hem-de TOEFL/IELTS ballaryň tassyklamasy -3,5*5 möçberdäki 9 sany surat (mawy fon) -Dalaşgäriň täzelenen rezýumesi -Beýleki bar bolan sertifikatlar ýa-da ugrukdyryjy resminamalar Zerur bolan resminamalaryň ählisi iňlis diline terjime edilmelidir we çap edilen hem-de elektron görnüşinde (kompakt-diskde) berilmelidir. Resminamalar “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) SdnBhd” kompaniýasynyň edarasynda şu salgy boýunça 2018-nji ýylyň 2-nji aprelda çenli kabul ediler: Aşgabat şäheri, 744027, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy köçesi, 81 (blok B). Т: +(993) 12 398 000 www.petronas.com Talaplara doly laýyk gelýän dalaşgärler geljekki synaglar we söhbetdeşlik üçin çagyrylar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow