15.11
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Soňky ýyllarda ahalteke atçylyk toplumynyň çäkleri bagy-bossanlyga öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça uly möçberli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
15.11
2017
Pekiniň nebit we gaz uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Hytaýyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy guraldy.
14.11
2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Owganystan boýunça 7-nji sebitleiýn ykydsady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň maşgalasy Rula Gani bilen duşuşyk geçirildi.
13.11
2017
Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek — Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde 2017—2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde paýtagtymyzda geçirilýän duşuşygyň mowzugy şeýle atlandyrylýar.
12.11
2017
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy.
12.11
2017
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar.
10.11
2017
Türkmenistanda noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy belleniler. Baýramyň medeni mmksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat atçylyk sport toplumynda oba hojalyk önümleriniň sergisini, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisini, sport ýaryşlaryny, milli oýunlary, sungat ussatlarynyň konsertlerini, at çapyşyklaryny guramak meýilleşdirilýär.
09.11
2017
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi açyldy.
08.11
2017
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” köpugurly sport toplumyna baryp gördi hem-de deňiz şypahanasy boýunça welosipedli gezelenç etdi.
01.11
2017
Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi.