Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistanda möhletinden öň ses bermäge başlanyldy
Jemgyýet
Türkmenistanda möhletinden öň ses bermäge başlanyldy
Çap edildi 15.03.2018
1896

15-nji martda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermäge girişildi. Bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 25-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr. Umuman, saýlaw möwsüminiň barşy barada aýdylanda, şu günler uçastok saýlaw toparlarynyň ählisinde işleriň işjeň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Olar öz borçlaryny ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilik bilen çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlaryň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ýerlerde ilat arasynda giňden düşündiriş işleri geçirildi, bu bolsa köp babatda saýlawçylaryň ençeme esse artan işjeňligini şertlendirdi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda, TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň hemme tapgyrlary öz wagtynda, hereket edýän milli kanunçylygyň talaplaryna hem-de umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň 2 müň 604-siniň ählisi işe doly taýýar. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda daşary ýurtlarda döredilen uçastoklaryň 39-sy hem öz saýlawçylaryna garaşýar. Türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça ýörite gelen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleriniň garaşsyz topary geçirilen işlere hem-de öňde boljak saýlawlara baha bermäge girişdi. Merkezi saýlaw toparynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde olar Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen senenamalaýyn meýilnamalaryň çäreleri, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary we umuman, ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanyşdyryldy. Olara degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan bolan synçylaryň topary saýlaw möwsümine gözegçilik etmegini dowam edýär. Halkara synçylar eýýäm dürli okruglarda saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, olaryň birnäçe welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärler hem-de olaryň ynanylan adamlary bilen duşuşyklary guraldy. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we dalaşgärleriň özleri tarapyndan bellenilen milli synçylar hem öz işini dowam edýärler. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda bolşy ýaly, saýlaw gününde hem saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz nobatynda, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk ýagdaýynda, giň demokratik esasda geçirilmegine oňyn täsir eder. Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly üns merkezinde durýar. Gazetlerde, hususan-da, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň metbugat sahypalarynda dalaşgärleriň terjimehal maglumatlary çap edildi. Saýlawçylar olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen dowam edýän duşuşyklaryň çäklerinde tanşyp bilerler. Şeýlelikde, Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryny, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryny saýlamak boýunça möhletinden öň ses bermegiň şu gün badalga alan tapgyry ýerlerde bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň geçirilmegine taýýarlygy tassyklaýar. Bu möwsüm, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyna ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkymyzyň rowaçlyk we gülläp ösüş ugrundaky maksatlaryna yzygider ygrarlydygynyň täze subutnamasy bolup girmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow