Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — Germaniýa: lukmançylyk ulgamynda ylmy-amaly hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — Germaniýa: lukmançylyk ulgamynda ylmy-amaly hyzmatdaşlyk
Çap edildi 20.03.2018
1825

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Uly bilermenleriň gullugynyň (SES, GFR) wekili, professor Wolfgang Kaşka bilen duşuşyk geçirildi. Germaniýaly alym maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak üçin Halkara lukmançylyk merkeziniň baş müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezine çagyryldy. Ol GFR-iň we Türkmenistanyň hünärmenleriniň özara gatnaşyklarynyň geljegine bolan garaýşyny ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň professorlary, mugallymlary hem-de talyplary bilen paýlaşyp, ylym dersi hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň iş tejribesi hökmünde newrologiýany ösdürmek boýunça olaryň sowallaryna jogap berdi. Şeýlelikde, duşuşyk gyzyklanma bilen çekişmeler görnüşinde geçip, iki ýurduň newrolog lukmanlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny görkezdi. Wolfgang Kaşka saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görnükli ornuny belledi, türkmen lukmanlarynyň GFR-den bolan kärdeşleri bilen işjeň gatnaşyklary munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmen hünärmenleriniň Germaniýanyň hassahanalaryna baryp görmegi hem-de biziň hünärmenlerimiziň Türkmenistanyň lukmançylyk merkezlerine gelip görmegi indi däbe öwrüldi diýip, myhman bilelikdäki işleriň meýilleşdirilmegini we ýerine ýetirilmegini üpjün edýän Türkmen-german forumy ýaly hyzmatdaşlyk meýdançasynyň ähmiýetini belledi. 2018-nji ýylyň 5 — 6-njy martynda Berlinde geçirilen VII Türkmen-German forumynda ortopediýa we fizioterapiýa bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygyň dikeldilmegi ol ýa-da beýleki keselden soň, hassanyň doly gutulmagynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Haçan-da, gürrüň saglygyň dikeldilmegi barada baranda, adamyň diňe beden taýdan däl-de, eýsem, ruhy taýdan dikelmegi, şol sanda nerw ulgamynyň berkemegi hem göz öňünde tutulýar. Germaniýaly professoryň ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdebinde eden şu gezekki çykyşy bejeriş bedenterbiýesine bagyşlanyldy. Onuň ähmiýeti barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli aýdyp, ony saglygy goraýyş edaralarynda, şol sanda şypahanalarda fizioterapiýa, berhiz terapiýasy we beýleki usullar bilen utgaşdyryp, giňden ulanmagy maslahat berdi. Bejeriş bedenterbiýesi beýleki ýagdaýlarda medikamentoz bejergileriniň üstüni ýetirýän bolsa, ol nerw ulgamynyň kadaly işlemegini dikeltmekde örän zerurdyr. Halkara newrologiýa merkezi paýtagtymyzda 2016-njy ýylda açyldy. Bu iri hassahana ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş merkezi bolup, newrologiýa we garyşyk dersler babatda islendik wezipeleri çözmäge ukyplydyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň açylyş dabarasynda german professorlarynyň bu ýerde oturdylan enjamlaryň mümkinçilikleri baradaky pikiri bilen gyzyklandy. Şonda myhmanlar merkeziň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilendigine haýran galyp, merkeziň enjamlarynyň, şol sanda operasiýadan soň, bejeriş üçin dikeldiş türgenleşik enjamlarynyň innowasion häsiýetini bellediler. Newrologiýa lukmançylygyň ösüşiniň örän möhüm ugry bolup durýar. Çünki beýleki keselleriň hem köpüsi nerw ulgamynyň bozulmagy bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda daşary ýurtly hünärmenler bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini belledi. Nemes professory Wolfgang Kaşkanyň sapary hem bu ugurda nobatdaky ädimdir.

Soňky habarlar
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow