25.11 2025

Sizi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde doganlyk Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyňyzyň, döwletara gatnaşyklaryň täze derejelere çykarylmagyna ýardam berýän başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

24.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

24.11 2025

Geçen hepdäniň wakalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler syýasaty aýdyň beýanyny tapdy.

24.11 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

24.11 2025

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

24.11 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.

22.11 2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

22.11 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

22.11 2025

Paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

1496 sahypa
Soňky habarlar
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy